Versione italiana   
English Version   
Version française   
Deutsche Version   
Phiên bản tiếng Việt   
Versiunea Română   




Beýany

KOMPANIÝANYŇ GORAGY işgärleriň bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde kompaniýalara iş ýerindäki näsazlyklary, aldawçylyklary, hyýanatçylykly işleri, ogurlyklary we kada-kanunlara garşy hereketleri anyklamaga mümkinçilik berýär.

KOMPANIÝANYŇ GORAGY arkaly kompaniýa öz işgärlerine (şeýle hem müşderilerine ýa-da üpjün edijilerine) kompaniýanyň çägindäki talabalaýyk bolmadyk işleri anonim usulda habar bermek üçin niýetlenen maglumat tehnologiýasy bilen üpjün edýär.

Müşderi bolup çykyş edýän kompaniýada SGR Compliance SA tarapyndan bellenen şahsylaşdyrylan saýt bolup, onuň işgärlerine bir ýa-da ondan köp giriş kodlary berilýär. Şol kodlaryň üsti bilen kompaniýanyň çäginde amala aşyrylýan aldawçylyk, hyýanatçylykly hereketler, näsazlyklar baradaky şübheleri hatda anonim usulda hem habar bermek mümkindir.

Her bir işgäriň şeýle hereketleri habar bermäge we öz hasabaty barada elmydama anonim teswir almaga mümkinçiligi bardyr.

SGR Compliance habar beriş interfeýsiniň döredilişine we dolandyrylyşyna, şeýle hem, müşderi bolup çykyş edýän kompaniýanyň ylalaşygyna laýyklykda, korporatiw gurama, işgärler bölümi we korporatiw aldawçylyk barada maslahat bermek arkaly özüni alyp barmagyň etikasyny düzmäge, işgärleri taýýarlamaga, şahsy hasabatlary dolandyrmaga jogapkärdir.

Soňky wagtlarda geçirilen barlag işleri KOMPANIÝANYŇ GORAGY ýaly içerki habar beriş ulgamyny ornaşdyrmagyň, kompaniýa işewürlikdäki bar bolan näsazlyklary öňünden kesgitlemäge we uly maddy ýitgileriň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Goşmaça maglumat üçin SGR Compliance bilen habarlaşyň:

info@sgrcompliance.com



© 2020 Tutti i diritti riservati - Legal disclaimer